Ikitaraplaýyn gatnaşyklary kämilleşdirmek boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleri geçirildi

17:3617.03.2023
0
26003
Ikitaraplaýyn gatnaşyklary kämilleşdirmek boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleri geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

16-17-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleri geçirildi.

Geňeşmeleriň dowamynda hereket edýän we öz güýjüni ýitiren döwletara, hökümetara we pudagara ylalaşyklardyr şertnamalaryň, şeýle hem iki ýurduň garamagyndaky resminamalaryň taslamalarynyň sanawyna seredildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Diplomatlar ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýadynyň giňeldilmeginiň mümkinçiliklerini kesgitlediler we onuň mundan beýläk hem kämilleşdirilmegi boýunça gepleşikleri ulgamlaýyn esasda dowam etdirmegi ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň