ABŞ-nyň Siettl şäheriniň «Şorlaýn Komýuniti» kollejinde Gündogaryň beýik akyldary hem-de nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan edebiýat agşamy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Ilçihanasy tarapyndan guralyp, oňa ABŞ-nyň Waşington ştatynyň «Şorlaýn Komýuniti» we «Kaskadia» kollejlerinde bilim alýan talyp ýaşlar, professor-mugallymlar hem-de ABŞ-da ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Bu çärede türkmen talyp ýaşlary türkmen we iňlis dillerinde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň watançylyk, agzybirlik hem-de parahatçylyk baradaky giň dünýägaraýyşly pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary barada prezentasiýalar bilen çykyş etdiler.
Soňra çärä gatnaşyjylar özlerinde döreýän gyzyklanmalary, hususan-da, Magtymgulynyň eserleriniň ýaşlary watançylyk duýgusynda terbiýelemekde wajyplygy barada sorag-jogap arkaly pikir alyşdylar.
Edebiýat agşamyna gatnaşanlar parahatçylygy we agzybirligi wasp eden, milli gymmatlyklary wagyz eden Magtymguly Pyraga bagyşlanan bu çäräniň ähmiýetine ýokary baha berdiler.