Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada «Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin gelen FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Wladimir Rahmanin bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar azyk we daşky gurşaw howpsuzlygy, daşky gurşawy tygşytly dolandyrmak, şeýle hem sanly ýer kadastrlary babatynda bilelikdäki işler barada pikir alyşdylar diýlip, DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.
11-nji fewralda bolan duşuşykda R.Meredow Türkmenistanyň FAO-nyň işine ýokary baha berýändigini we bu ugurda, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa üçin sebitleýin edarasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidigini belledi. Ministriň nygtamagyna görä, Aşgabatda FAO bilen bilelikde azyk howpsuzlygy we howanyň üýtgemegi boýunça halkara forumyň geçirilmegi oba hojalygy ulgamynyň howanyň üýtgemeginiň zyýanly täsirlerine uýgunlaşmagy ugrunda uly ädim bolup durýar.
Öz gezeginde, W.Rahmanin türkmen tarapyna halkara forumyň ýokary derejede guralandygy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi we Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly meseleleri çözmekde goşýan goşandyny, şeýle hem FAO tarapyndan amala aşyrylýan ýurt derejesindäki hem-de sebitleýin taslamalary goldaýandygyny belledi.
Geçirilen maslahatyň ähmiýetine ünsi çeken myhman, gatnaşyjylaryň forumyň çäginde azyk howpsuzlygy pudagyndaky tagallalary birleşdirmek üçin birnäçe anyk teklipleri öňe sürendigini belläp geçdi.