Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçisi «Manas» uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

16:5410.03.2023
0
41747
Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçisi «Manas» uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy
Surat: mfa.gov.tm

Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherindäki Gyrgyz-türk «Manas» uniwersitetinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Meredowyň uniwersitetiň rektory A.Jeýlan bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda ylym, bilim we tehnologiýa ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler babatda uniwersitetiň rektoryna maglumat berildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Gyrgyz-türk «Manas» uniwersitetiniň rektory Ilçihananyň Türkmenistanyň degişli edaralary bilen bilelikde «Magtymguly Pyragynyň adamzadyň ruhy-medeni gymmatlyklarynda tutýan orny» atly halkara ylmy maslahatyny bilelikde geçirmek baradaky başlangyjyny doly derejede goldady.

Duşuşykda rektor A.Jeýlan ahalteke atlaryna we at üstündäki gadymy oýunlara aýratyn gyzyklanmasyny aýan etdi. Rektor Türkmenistanda geçirilýän Türkmen bedewiniň baýramyna gatnaşmak hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen Türkmenistanyň degişli ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşmak baradaky mümkinçilige garamagy haýyş etdi.

Duşuşygyň soňunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eseri rektor A.Jeýlana sowgat hökmünde gowşuryldy we netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmeklik barada ylalaşyldy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň