Top.Mail.Ru

Teýmur Çaryýew «Abdyş-Atadaky» ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi

21:2508.03.2023
0
14367

«Abdyş-Atanyň» türkmenistanly goragçysy Teýmur Çaryýew täze toparyndaky ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşyk «Alaý» bilen geçirilip, ol Gyrgyzystanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşykdyr.

Geçen möwsümi Marynyň «Energetiginde» geçiren Çaryýewiň gyşky transfer penjiresinde «Abdyş-Ata» goşulandygyny ýatladýarys.

Ýeri gelende aýtsak, Gyrgyzystanda täze futbol möwsümi Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk bilen açyldy. Onda ýurduň çempiony we Kubok ýaryşynyň ýeňijisi güýç synanyşýar. Ýöne geçen möwsümde «Abdyş-Ata» ýurduň hem çempiony boldy, hem Kubogy gazandy. Şonuň üçin hem duşuşyk çempionatda ikinji orny eýelän «Alaý» bilen geçirildi.

Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk «Alaýyň» 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeke-täk pökgini hüjümçi Ryskeldi Artykbaýew geçirdi.

Oş şäheriniň topary mundan ozal 2017-nji we 2018-nji ýyllarda-da Naýbaşy kubogy gazanyp bilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň