Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «ArtIst» teatrynda «Peýdaly ýer» atly täze sahna eseri görkezildi

15:1402.03.2023
0
25827

Rus dramaturgy Aleksandr Nikolaýewiç Ostrowskiniň doglan gününiň 200 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherindäki «ArtIst» teatrynyň döredijilik topary Ostrowskiniň adybir pýesasy esasynda goýlan «Peýdaly ýer» atly sahna eserini tomaşaçylara hödürledi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web-saýtynyň habar bermegine görä, režissýor Mekan Jumabaýew bir asyrdan gowrak mundan ozal ýazylan komediýada diňe bir nusgawy tekste däl, eýsem spektaklyň gahrymanlarynyň häzirki döwre geçirmek bilen, oýny bezemekde-de özüni synap gördi. Işewür lybasly emeldarlar edara kürsülerinde ýaşaýarlar diýen ýaly, ol boş wagtlaryny bolsa gijeki klublarda geçirýärler.

«Peýdaly ýer» ady bilen tomaşaçylara görkezilen täze sahna eseriniň režissýory Mekan Jumabaýew žurnalistlere beren interwýusynda: «Bu sahna eserinde üstünde işlänimde Ostrowskiniň pýesalarynyň röwüşine islendik döwrebap adam üçin tanyş zatlary girizmek pikirine geldim. Bu zatlar lukmançylyk agyz-burun örtükleri we adamlaryň biri-birinden uzaklaşmagynda «eli» bolan enjamlardyr. Umuman aýdanymyzda, spektakl nusgawy teatr usullarynda däl-de, oýnuň dramaturgiýasynyň döwürdeşlerimiziň kalbyna täsir eder ýaly, häzirki hakykatlary tanamaga esaslanýar. Teatr janly organizm üçin ahbetin we hemişe döwür bilen deň gadam basmalydyr» diýip, belläp geçýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, «ArtIst» teatrynyň döredijilik toparynyň täze sahna eseri, şu ýylyň 7 — 16-njy apreli aralygynda Sankt-Peterburgda geçiriljek GDA ýurtlarynyň «Russiýadaky duşuşyklar» atly XXV halkara teatr festiwalynda görkeziler.

Belläp geçsek, «Baltika öýi» teatr festiwalynyň Sankt-Peterburg meýdançasynda Türkmenistandan başga-da Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Ermenistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Belarusyň we Russiýanyň teatr toparlary çykyş ederler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň