Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň müdiri bilen duşuşdy

15:1701.03.2023
0
38440

Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Muratow bilen Korneli Kekelidze adyndaky Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň müdiri Z.Abaşidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda iki ýurduň halklarynyň milli mirasyny we medeni gymmatlyklaryny wagyz etmek, ikitaraplaýyn ylym-bilim hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmak we pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde işjeň ösmegini dowam etdirýän asyrlar boýy däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň baglaşdyrýandygyny bellediler. Medeni we ynsanperwerlik ugurlary boýunça köp ýyllyklaryň dowamynda gazanylan tejribeler, olary güýçlendirmek üçin bar bolan mümkinçilikler iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm düzümi bolup durýandygy bellenip geçildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ilçi D.Muratow ylym, bilim we medeni diplomatiýa Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup hyzmat edýändigini aýtdy. Parahatçylyk dörediji we şol bir wagtyň özünde sebitiň medeni merkezi diýlip ykrar edilmegi bilen, Türkmenistan medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga çagyryp, giň derejede medeni we ynsanperwerlik hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezýär.

Z.Abaşidze öz gezeginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, halkara maslahatlary, sergileri we dürli medeni çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan işler medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge, iki ýurdyň halklarynyň baý bolan medeni mirasyny, gadymdan gelýän gymmatlyklaryny we milli sungatlaryny giňden wagyz etmäge ýardam berer diýip belläp geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň