Turkmenportal logo
28.02.23
2084520845
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda çagalar üçin futbol festiwaly geçirildi
Aşgabatda çagalar üçin futbol festiwaly geçirildiPhoto from the official website of the Football Federation of Turkmenistan

Ýakynda paýtagtymyzda «TFF Grassroots Football Day 2023» ady bilen çagalar futbol festiwaly geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.


«Altyn asyr» futbol klubunyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen bilelikde guran çagalar futbol festiwalynyň dowamynda ýaşajyk futbolçylar guramaçylar tarapyndan ýörite gurnalan türgenleşik işlerine, dürli ugurdaky bäsleşiklere gatnaşdylar.


Şeýle-de, festiwalyň soňunda ýörite taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy.


Çagalar futbol-festiwalyna ýaşajyk futbolçylaryň 100-den gowragynyň gatnaşandygyny ýatladýarys.