Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenbaşydaky tamamlanmadyk duşuşyk, "Aşgabadyň" uzak garaşdyran ýeňşi, "Energetigiň" nobatdaky utulyşy: tapgyryň netijeleri

10:3301.05.2024
0
6186

Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçýän Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 10-njy tapgyrynda «Aşgabat» toparynyň oýunçylary myhmançylykda paýtagtymyzyň «Köpetdag» topary bilen bolan duşuşygynda 2:0 hasabynda üstün çykmak bilen, ýeňişsiz bäş duşuşygyň yzygiderliliginiň arasyny üzdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" habar berýär.

Said Seýidowyň şägirtleri milli birinjilige üstünlikli başlady. Ilkinji üç tapgyrdan soň olar öňdäki topardadylar. Emma soň yzly-yzyna bäş gezek ýeňlişe sezewar bolup, «Aşgabat» topary ýaryş sanawynda 7-nji orna düşdi.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşligindäki Sport toplumynda geçirilen «Aşgabat» bilen «Köpetdag» toparlarynyň duşuşygynyň ilkinji aýlawynda hasap açylman, deňlikde tamamlandy. Jogap oýnunyň ykbaly ikinji ýarymda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparynyň derwezesine iki sany jogapsyz pökgi girende çözüldi. Olary Şatlyk Gurbanow (72-nji minut) we Hojanazar Gurbanow (83-nji minut) tora saldy.

Bu duşuşykdan soň «Aşgabat» topary 10 utuk toplap, 12 utuk bilen 5-6-njy orunlara şärik bolan Balkanabadyň «Nebitçi» topary we Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyna gaty ýakynlaşdy. «Köpetdag» topary bolsa 5 utuk bilen sekizinji orunda galdy.

Mary welaýatynda geçen başga bir duşuşykda «Ahal» topary ýerli «Energetik» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Ýeňiş pökgüsini Akmämmet Metdaýew 83-nji minutda jerime urgusyndan tora girizdi. Bu oýnuň dowamynda ýer eýelerine berlen ikinji jerime urgusydy. Ýazgylyç Gurbanow 31-nji minutda birinji jerime urgusyny şowly amala aşyryp bilmedi. Ol pökgini derwezäniň ortasyna urdy welin, derwezeçi Muhammet Öwezow ony gaýtarmagy başardy.

Bu ýeňişden soň 18 utuk toplan «Ahal» topary öňde barýan «Arkadag» toparyndan 6 utuk yza galmak bilen, milli birinjilikde üçünji orny elde saklaýar. Özi-de, häzirki milli çempion beýlekilerden bir oýun az oýnapdyr.

Türkmenbaşy şäherinde «Şagadam» topary bilen paýtagtymyzyň «Altyn asyr» toparynyň arasynda geçen 10-njy tapgyryň ýene bir duşuşygy 83-nji minutda hasap myhmanlaryň peýdasyna 2:0-ka togtadyldy we soňuna çenli oýnalmady. Bu duşuşykda Ahmet Ataýew (13-nji minut) we Wahyt Orazsähedow (19-njy minut) dagy tapawutlandy.

Indiki tapgyrda «Aşgabat» – «Energetik», «Ahal» – «Merw», «Nebitçi» – «Şagadam» we «Altyn asyr» – «Arkadag» toparlary duşuşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň