Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Astanada geçirilen daşary işler ministrleri derejesindäki «Merkezi Aziýa – ABŞ» (C5 +1) duşuşygyna gatnaşdy.
Duşuşyga dowamynda diplomatlar durnukly ösüş, ýaşyl energiýa, daşky gurşawy goramak we howpsuzlyk ýaly meseleler boýunça gepleşikler arkaly hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle hem Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we ABŞ-nyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ozal habar berşimiz ýaly, saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew, Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi.