Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça erkekler we zenanlar ýygyndylary okuw-türgenleşik ýygnanyşygy üçin Litwa gitdi

11:1228.02.2023
0
31513

3х3 basketbol boýunça Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndysy okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçmek üçin Litwa Respublikasyna gitdi. Bu barada Türkmenistanyň Baksetbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanly basketbolçylar 8-nji marta çenli Druskininkaý şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçerler. Bu türgenleşiklerden soňra ýurduň erkekler we zenanlar ýygyndylary halkara ýaryşlaryň ikisine gatnaşar.

Has takygy, türkmen basketbolçylary 8 ― 26-njy mart aralygynda Amsterdam şäherinde geçiriljek «3X3 Pro League Netherlands 2023» halkara ýaryşynda çykyş eder. Şondan soň bolsa olara Singapurda geçiriljek Aziýanyň kubogy ugrundaky yklym ýaryşy garaşýar.

Aziýanyň kubogy 3x3 basketbol boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň iň abraýly ýaryşydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň