Soňky habarlar

Arhiw

«Al-Hilal» hokkeýçe hasapda «Al-Duhaýly» ýeňip, AFK Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy

10:0927.02.2023
0
28194

Dohadaky (Katar) «Al-Tumama» stadionynda AFK Çempionlar ligasynyň «Günbatar» zolagyndaky ýarym final oýny geçirildi. Onda Saud Arabystanynyň «Al-Hilal» topary Kataryň «Al-Duhaýl» kluby bilen güýç synanyşdy.

Duşuşyk 7:0 hasabynda «Al-Hilalyň» ýeňşi bilen tamamlandy.

Şeýlelikde, «Al-Hilal» finalda Ýaponiýanyň «Urawa Red Daýmonds» kluby bilen baş baýrak ugrunda göreşer. Ýapon topary ýarym finaly oýnuny 2022-nji ýylyň awgustynda geçirip, «Çýonbuk Hýundai Motors» toparyny ýaryşdan çykarypdy. Ýaponiýadaky «Saýtama 2002» stadionynda geçirilen şol oýnuň esasy we goşmaça wagty 2:2 hasabynda deňlikde tamamlanyp, oýundan soňky penaltiler boýunça ýaponlar 4:3 hasabynda ýeňiş gazanypdylar.

Ýeri gelende bellesek, AFK Çempionlar ligasynyň şu möwsüminde final iki oýundan ybarat bolar. Bir ýyl mundan ozal başlanan ýaryşyň ýeňijisi 2023-nji ýylyň baharynyň ahyrynda kesgitleniler. Final duşuşyklary 2023-nji ýylyň 29-njy aprel hem-de 6-njy maý senelerinde bolup geçer. Finalyň deslapky oýny «Günbatar» zolagyň, jogap duşuşygy bolsa «Gündogar» zolagyň wekiliniň meýdançasynda geçiriler.

AFK Çempionlar ligasynyň şu wagtky çempiony Saud Arabystanynyň «Al-Hilal» toparydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň