Arhiw

Daşary ýurtlular we Türkmenistanyň raýatlary üçin «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň petekleriniň bahasy deň bolar

10:0124.02.2023
0
46746
Daşary ýurtlular we Türkmenistanyň raýatlary üçin «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň petekleriniň bahasy deň bolar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Russiýadan Türkmenistana uçuş nyrhlaryna üýtgeşmeler girizdi. Indi Türkmenistanyň raýatlary we daşary ýurtlular üçin petekleriň bahasy bir bolar

Petekler häzirki wagtda bir bahadan satylýar. 2023-nji ýylyň mart aýy üçin Moskwadan Aşgabat şäherine awiopetekleriň bahasy 30 müň 775 (2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndaky ýagdaýa görä), Kazandan Aşgabat şäherine bolsa 29 müň 635 rubldyr.

Ozal 2022-nji ýylyň 30-njy oktýabryndan başlap, gyş meýilnamasynda Türkmenistanyň raýatlary we daşary ýurtlular üçin aýratyn nyrhlar güýje girizilipdi.

Aşgabat — Moskwa (Domodedowo) — Aşgabat ugry boýunça uçuşlar «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan hepdede iki gezek sişenbe we anna günleri amala aşyrylýar. Aşgabat — Kazan — Aşgabat ugry boýunça uçuşlar hepdede iki gezek penşenbe we ýekşenbe günlerinde amala aşyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň