Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat — Pekin — Aşgabat howa gatnawy mart aýynda gaýtadan ýola goýlar

17:0123.02.2023
0
84982

2023-nji ýylyň 19-njy martyndan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Pekin — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlary ýerine ýetirip başlar. Bu barada «Turkmenportala» awiakompaniýa tarapyndan habar berildi. Awiakompaniýa eýýäm uçuşlar üçin petekleriň satuwyna başlady.

Uçuşlar hepdede iki gezek amala aşyrylar. Ilkinji uçuş 19-njy martda (ýekşenbe) amala aşyrylar. Goşmaça uçuşlar sişenbe we anna günleri ýerine ýetiriler.

2023-nji ýylyň 17-nji ýanwaryndan Hytaýa gidýän ähli ýolagçylar gidýän ýurdunyň resmi dilinde ýa-da iňlis dilinde PZR-test synagynyň netijesiniň kagyza çap edilen görnüşini bermeli.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda uçuşlaryň täzeden dikeldilmegi iki ýurduň arasyndaky söwda, ykdysady, maýa goýum, syýahatçylyk, medeni we işewür hyzmatdaşlygyň ösüşine täzeden itergi berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň