Soňky habarlar

Arhiw

Astrahan döwlet uniwersiteti Türkmenistanyň üç ýokary okuw jaýy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar

15:5721.02.2023
2
66871
Astrahan döwlet uniwersiteti Türkmenistanyň üç ýokary okuw jaýy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar
Surat: asu.edu.ru

W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersiteti Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary bilen hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyk baglaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada uniwersitetiň metbugat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersiteti bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek baradaky Şertnama gol çekiler.

W.N.Tantişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça prorektory Anjelina Fadina uniwersitetiň Türkmenistan bilen bagly esasy şertnamalary we taslamalary barada çykyş etdi.
Iki ýurduň arasyndaky ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary berkitmek hem-de ösdürmek üçin, W.N.Tantişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersiteti Astrahandaky Türkmenistanyň konsullygy we Türkmenistanyň birnäçe edaralary bilen şertnama baglaşdy. Degişlilikde, maslahatlar, çäreler guraldy. Olaryň hatarynda
2019-njy ýylda A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus orta mekdebi bilen bilim ulgamyndaky taslamalaryň durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutýan şertnama gol çekildi. 2022-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen şertnama baglaşyldy, bilelikde bilim, ylym we medeni taslamalaryň durmuşa geçirilmegini üpjün edýän «Ýol kartasy» işlenip düzüldi. Mundan başga-da, W.N.Tantişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersiteti Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet uniwersitetleri we gözleg merkezleri assosasiýasynyň Ylym, gözleg we tehnologiýa Geňeşiniň işiniň çäginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk edýär.

W.N.Tantişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça prorektory Anjelina Fadinanyň Aşgabatda geçirilen Türkmen-rus işewürler forumynyň çäginde ileri tutulýan ugurlarda Türkmenistanyň ylym-bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada ylalaşyk gazanyldy.

— Türkmenistanyň Bilim ministrligi resmi web sahypasynda W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetini hem öz içine alýan «Uniwersitetiň üç wezipesi» atly rus halkara uniwersitetleriniň reýtingini çap etdi. Bu türkmenistanly dalaşgärler üçin halkara derejede ykrar edilen uniwersitetimizde ýokary bilim almak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Astrahan döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň raýatlaryna bilim bermek baradaky teklibi, dostlukly ýurduň ylym-bilim ojaklary bilen hyzmatdaşlyk etmekdäki ornumyzy berkitmek üçin ýene bir ädilen möhüm ädimdir – diýip, A.Fadina belleýär.

Häzirki wagtda W.N.Tantişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde türkmenistanlylaryň 600-dan gowragy bilim alýar. Soňky üç ýylyň dowamynda türkmenistanlylaryň 900-e golaýy bu ýokary okuw mekdebiň uçurymy boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Trud ( 21.05.2023 )

Spisekde bar bolsa haysy bankdan okuw toleg edip bolyaka so uniwersitede

3
Trud ( 21.05.2023 )

Jogabynyza garasyan

1