Soňky habarlar

Arhiw

2023-nji ýylda Azerbaýjana barýan türkmenistanly syýahatçylaryň sany artdy

09:4421.02.2023
0
28490

Azerbaýjanyň Döwlet statistika komiteti 2023-nji ýylyň ýanwaryn aýynda ýurda baran daşary ýurt raýatlarynyň sanynyň 119,1 müň adamdygyny, bu görkezijiniň 2022-nji ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende, 1,6 esse köpdügi barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurda baranlaryň 1,2%-i türkmenistanly syýahatçylardyr.

Şeýle hem 33,8%-i Russiýa Federasiýasyndan, 21,1%-i Türkiýeden, 9,3%-i Eýrandan, 5,6%-i Gruziýadan, 3,4%-i Hindistandan, 3,2%-i Birleşen Arap Emirliklerinden, 2,7%-i Pakistandan, 2,1%-i Kuweýtden, 1,8%-i Saud Arabystanyndan we Gazagystandan, 1,5%-i Ukrainadan, 1,2%-i Özbegistandan we Belarusdan, galan 10,1%-i beýleki ýurtlardan baran syýahatçylardyr.

GDA ýurtlaryndan baran syýahatçylaryň sany, degişli döwür bilen deňeşdireniňde, 1,6% ýa-da 49 müň adama çenli artypdyr. Bu barada «Interfaks-Azerbaýjan» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň