Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletine sapar bilen çagyryldy

22:1420.02.2023
0
39251
Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletine sapar bilen çagyryldy
Surat: tdh.gov.tm

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al-Tanini kabul etdi. Myhman bilen ýokary derejede gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň özara bähbitli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, myhman Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Taniniň aýdan salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Ol Katarda sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň berkidilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýän Türkmenistan bilen köptaraply gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigini belledi.

Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emirine we ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy hem-de Türkmenistanyň Ýakyn Gündogar ýurtlary, şol sanda Katar Döwleti bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge hemişe taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasynda energetika, ulag we kommunikasiýa, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi bellenildi. Aýratyn-da, maýa goýum ugry boýunça hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygy barada aýdyldy.

Ýangyç-energetika toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellenildi.

Medeni-ynsanperwer ulgam hem iki dostlukly ýurduň hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi hökmünde kesgitlenildi.

Duşuşygyň barşynda belent mertebeli myhman Katar Döwletiniň Emiriniň adyndan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin islendik amatly wagtda Katar Döwletine baryp görmäge çagyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly kesgitleniler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň