Soňky habarlar

Arhiw

«S7 Airlines» üç ýyldan soň ilkinji gezek Moskwadan Aşgabat şäherine göni uçuşy amala aşyrdy

09:0520.02.2023
0
32384

Şu gün Russiýanyň «S7 Airlines» awiakompaniýasy üç ýyldan soň ilkinji gezek Moskwadan Aşgabat şäherine göni uçuşy amala aşyrdy. Mundan beýläk bu ugur boýunça uçuşlar hepdede bir gezek amala aşyrylar.

Indi Türkmenistanyň ýaşaýjylary hepdäniň duşenbe güni Moskwa uçup bilerler hem-de Moskwadan Türkmenistana gaýdyp bilerler.

«S7 3235» gatnawy ýerli wagt bilen 03:05-de Moskwadan ugraýar we ýerli wagt bilen 09:05-de Aşgabat şäherine gelýär. Yza gaýdýan «S7 3236» gatnawy bolsa 10:05-de ugrar 12:10-da gonar.

Uçuşlar «Airbus A320» uçarlarynda amala aşyrylar. Uçuşyň dowamlylygy 3-4 sagat bolar.

Belläp geçsek, «S7 Airlines» pandemiýa sebäpli iki ýyl töweregi arakesmeden soň 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana yzygiderli gatnawlary täzeden dikeltdi. Ozal awiakompaniýa Moskwadan diňe Türkmenbaşy şäherine (Balkan welaýaty) uçýardy.

«S7 Airlines»-den başga-da, «FlyDubai» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndan Dubaýdan Aşgabat şäherine uçuşlary gaýtadan dikeltdi, şeýle hem «Turkish Airlines» 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri hepdede iki gezek Stambuldan Aşgabat şäherine uçuş amala aşyrýar.

«S7 Airlines»-iň ähli uçuşlaryna petekleri «s7.ru» web sahypasynda, iPhone we Android programmalarynda we ähli satuw ofislerinde satyn alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň