Arhiw

«S7 Airlines» ýene-de Moskwadan Aşgabat şäherine uçuşlary ýerine ýetirýär

14:2117.02.2023
0
52623

Russiýanyň «S7 Airlines» awiakompaniýasy ýene-de Moskwadan Aşgabat şäherine gatnawlary ýerine ýetirýär diýip, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölümi habar berýär.

2023-nji ýylyň 20-nji fewralynda Moskwadan «S7 Airlines»-iň uçary Aşgabat Halkara howa menziline gonar.

«S7 Airlines»-iň Russiýadan Türkmenistana häzirki uçuş tertibi:

Duşenbe güni:

  • Moskwa (DME) — Aşgabat (ASB): «S7 3235» reýs, gonuş 09:05-de.
  • Aşgabat (ASB) — Moskwa (DME): «S7 3236» reýs, uçuş 10:05-de.

Penşenbe güni:

  • Moskwa (DME) — Türkmenbaşy (KRW): «S7 3237» reýs, gonuş 09:05.
  • Türkmenbaşy (KRW) — Moskwa (DME): «S7 3238» reýs, uçuş 10:05-de.

«S7 Airlines»-iň pandemiýa sebäpli iki ýyl töweregi arakesmeden soň 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana yzygiderli gatnawlaryny täzeden başlandygyny ýatladýarys.

Awiakompaniýanyň web sahypasynda Moskwadan (Domodedowo) Türkmenbaşy we Aşgabat şäherine uçuş üçin petekler bar. Awiakompaniýanyň ähli uçuşlary üçin oflaýn görnüşinde petekleri Aşgabatdaky «S7 Airlines»-iň ofisinden alyp bilersiňiz: Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 174-nji jaý (birinji gat). Ofis duşenbe — anna günleri sagat 09:00-dan 18:00-a çenli (13:00-dan 14:00-a çenli arakesme) açykdyr. Telefon belgileri: +99312210592; +99312210593.

Uçuş meýilnamasyny Domodedowo howa menziliniň resmi web sahypasyndaky «Möwsümleýin meýilnama» bölüminde barlap bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň