Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Diplomatik işgärleriniň güni bellenilýär, Serdar Berdimuhamedow RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Owerçugy kabul etdi, Ahal welaýatynda iki orta hünär okuw mekdebi peýda bolar we beýleki habarlar

11:2018.02.2023
0
41018

1. 18-nji fewralda Türkmenistanda Diplomatik işgärleriniň güni bellenilýär. Şanly waka mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow diplomatlara gutlag bilen ýüzlendi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň diplomatik işgärlerini tüýs ýürekden gutlap, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň milli bähbitlerini halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp üpjün edýän we goraýan ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň öňde goýlan belent wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek ugrunda ýadawsyz we döredijilikli zähmet çekýändiklerini belledi.

2. Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman ikiçäk duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de RF-niň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady.

3. Türkmenistanyň Ahal welaýatynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi we Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi dörediler. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 17-nji fewralyndaky Karary bilen, bu orta hünär okuw mekdeplerine 2023-2024-nji okuw ýylyndan talyplary okuwa kabul edip başlamak bellenildi.

4. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona ýurduň Daglyk-Badahşan oblastynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren gar süýşgünleri zerarly gynanç hatyny iberdi. Ol şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

5. Russiýanyň «S7 Airlines» awiakompaniýasy ýene-de Moskwadan Aşgabada uçup başlar. 2023-nji ýylyň 20-nji fewralyndan başlap, «S7 Airlines» awiakompaniýasynyň uçary her duşenbe güni Moskwadan uçup, Aşgabadyň Halkara howa menziline gonar.Moskwadan uçuş wagty – ýerli wagt bilen 03:05, Aşgabada gonuş wagty – ýerli wagt bilen 09:05. Bu uçuşlar üçin petek satuwy eýýäm açyldy. Moskwadan Aşgabada bir tarapa petekleriň bahasy goşsuz 22,348 rubla, goşlar bilen bolsa 27,868 rubla deňdir.

6. Gazagystanyň döwlet serhetlerinde ýük ulaglary üçin serhetden geçmek işlerini çaltlaşdyrmak maksady bilen elektron nobat ulgamy ornaşdyrylýar. 22-nji fewraldan başlap, «CarGoRuqsat» onlaýn bronlama hyzmaty Türkmenistan bilen serhetdeş Mangistau oblastyndaky «Temir-Baba» goýberiş nokadynda işe giriziler. Bu hyzmat Gazagystanda 2022-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri amala aşyrylýar we ulanyjylar üçin mugtdur.

Dünýäde

7. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin «Gazprom-yň» 30 ýyllygy mynasybetli kompaniýanyň ähli işgärlerini gutlady we onda tutuş ýurduň buýsanýan ýokary derejeli hünärmenleriniň zähmet çekýändiklerini belledi. Döwlet Baştutany «Gazprom-yň» ösüş meýilnamalaryny kompaniýanyň başlygy Miller bilen ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy we dünýä energetika pudagy üçin geçiş döwründe gaza bolan islegiň diňe ýokarlanjakdygyna ynam bildirdi.

8. Beýik Britaniýanyň paýtagtynda däp bolan fewral moda hepdeligi badalga aldy. Londonyň sahnasynda 2023-nji ýylyň «Güýz-gyş 2023» möwsüminiň täze egin-eşik toplumlary tanyşdyrylýar. Londondaky häzirki moda hepdeliginiň birnäçe çäreleri britan we dünýä moda dizaýnerleriniň iň meşhurlarynyň biri bolan Wiwýen Westwudyň hatyrasyna bagyşlanar.

Sport habarlary

9. «Transfermarkt» internet-portaly Merkezi Aziýanyň iň gymmat futbolçylarynyň sanawyny düzdi. Iň gymmat oýunçylaryň üçlügine Özbegistanyň milli ýygyndysynyň we Italiýanyň «Spesiýa» toparynyň hüjümçisi Eldor Şomurodow, Moskwanyň «SSKA-syndan» gazagystanly Bahtiýor Zaýnutdinow we Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparyndan özbegistanly Jaloliddin Maşaripow girdi.

10. Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor «The Ultimate Fighter» sport realiti-şou gepleşiginde surata düşürmek üçin Las-Wegasa geldi. Bu gegleşigiň çäklerinde Makgregor tälimçi bolar, oňa Maýkl Çendleriň topary garşydaşlyk eder. Garşydaşlygyň netijeleri boýunça Makgregor bilen Çendleriň özara tutluşyk geçirmeklerine garaşylýar, tutluşyk 2023-nji ýylyň güýzünde geçirilip bilner.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň