Soňky habarlar

Arhiw

Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi dörediler

22:2917.02.2023
0
70524

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga, saglygy goraýşy düýpli özgertmäge gönükdirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde gazanylan uly üstünlikleri we ýetilen belent sepgitleri mundan beýläk-de berkitmek, şeýle hem Ahal welaýatyndaky keseli anyklaýyş merkezlerini, hassahanalary, «Ene mähri» merkezlerini we derman serişdelerini öndürýän kärhanalary işine ussat orta hünär bilimli işgärler bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini bellenen tertipde döretmek, Bilim ministrligi bilen ylalaşyp, şu okuw mekdebiniň Tertipnamasyny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine 2023-2024-nji okuw ýylyndan talyplary okuwa kabul edip başlamak bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň