Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherindäki mugallymçylyk mekdebi täze okuw ýylyndan talyplary kabul edip başlar

22:2117.02.2023
0
60357

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer N.Amannepesow «Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebini döretmek hakynda» we «Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini döretmek hakynda» Kararlaryň taslamalary barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, degişli Kararlara gol çekdi we olary sanly ulgam arkaly iberip, wise-premýere resminamalaryň doly ýerine ýetirilmegine, bilimli, sagdyn ýaş nesli terbiýelemek üçin şertleriň hem-de olaryň innowasion tehnologiýalary, täze bilimleri özleşdirmegi babatda mümkinçilikleriň döredilmegine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Täze taryhy döwürde ýurduň bilim ulgamyny has-da ösdürmek, 2022 – 2028-nji ýyllarda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, şeýle hem Ahal welaýatynyň bilim edaralarynyň orta hünär bilimli işgärlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen gol çekilen resminama laýyklykda, Bilim ministrligine Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebini bellenen tertipde döretmek hem-de şu okuw mekdebiniň Tertipnamasyny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine 2023-2024-nji okuw ýylyndan talyplary okuwa kabul edip başlamak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň