Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi

21:5417.02.2023
0
20204
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa döwletiň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirilmek babatda parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Şunda şu ýylyň mart aýynda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşi barada hem aýdyldy. Şeýle-de parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, türkmen wekiliýetiniň daşary ýurtlara saparlary, deputatlaryň gatnaşýan çäreleri, şol sanda milli kanunçylygy kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işleriň many-mazmunyny ilata düşündirmek boýunça geçirýän wagyz-nesihat işleri barada bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow öňde boljak saýlawlaryň demokratik ýörelgelere laýyklykda, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini nygtady. Şeýle-de Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan ýurduň köp çagaly, şeýle hem zähmetde we jemgyýetçilik işlerinde tapawutlanan zenanlaryny döwlet sylaglaryna hödürlemek boýunça alnyp barylýan işlere ünsi çekip, olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi.

Hökümet mejlisinde wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, şol sanda pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi, öňde boljak çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabatlary berdiler. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow türkmen wekiliýetiniň 13-nji fewralda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşmagynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanyny her ýylyň 18-nji fewralynda bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen gutlady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hem ýurduň diplomatik gullugynyň ähli işgärlerini hünär baýramlary bilen tüýs ýürekden gutlady.

Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler ara alyp maslahatlaşylyp, käbir resminamalara hem gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň