18-nji fewralda Türkmenistanda hünär baýramy — Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bellenilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow şu mynasybetli ýurduň diplomatik gullugynyň ähli işgärlerine Gutlag haty bilen ýüzlendi. Gutlagda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň ussat diplomaty Serdar Berdimuhamedow ýurduň diplomatik gullugynyň işgärlerine berk jan saglygyny, abadançylygy we döwletiň milli bähbitlerini goramak hem-de dünýä derejesindäki abraýyny has-da artdyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýär.
— Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji ädimlerinden başlap, halkara gatnaşyklarynda we daşary syýasatda bitaraplyk, deňhukuklylyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýaly binýatlyk ýörelgeleri saýlap aldy. Geçen ýyllaryň dowamynda döwletimiziň daşary syýasaty Türkmenistanyň milli bähbitlerine we Birleşen Milletler Gurmasynyň esas goýujy maksatlaryna doly laýyk gelýändigini iş ýüzünde subut etdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy we onuň Türkmenistanyň Hökümeti bilen netijeli işlemegi hem Bitaraplygyň parahatçylygy dörediji güýjüniň aýratyn ähmiýetini giňden açyp görkezýär. Ýurdumyzyň halkara ähmiýetli teklipleriniň we ählumumy häsiýete eýe bolan başlangyçlarynyň esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ulgamyndaky möhüm Kararnamalaryň uly toplumynyň kabul edilmegi döwletimiziň bu abraýly Gurama bilen strategik hyzmatdaşlygynyň netijeli mazmuna eýediginiň subutnamasydyr — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda nygtaýar.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etdi. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara giňişlikdäki ähmiýetini has-da artdyrýan «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze başlangyç dünýä bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy. Bu bolsa Bitaraplygyň mizemez ýörelgeleriniň dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň has-da kämilleşdirilmegine itergi berýändigine şaýatlyk edýär.
Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy uzak möhletleýin milli maksatnamalary amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur bolan ähmiýetli mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendir. Bu babatda döwletara we hökümetara derejelerde syýasy-diplomatik, halkara-hukuk we söwda-ykdysady geňeşmeleriň netijeli gurallaryny işe girizmekde ýurduň diplomatik gullugyna uly talaplar bildirilýär.
— Ýurdumyzyň milli bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramakda we halkara gatnaşyklar ulgamyndaky belent abraýyny artdyrmakda döwletimiziň diplomatik gullugynyň öňde goýlan möhüm wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirjekdigine berk ynanýaryn — diýmek bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen diplomatlaryna uly ynam bildirýär.