Soňky habarlar

Arhiw

Ysraýylda biziň eýýamymyzdan öňki 72-nji ýyla degişli töleg haty tapyldy

13:2318.02.2023
0
31716
Ysraýylda biziň eýýamymyzdan öňki 72-nji ýyla degişli töleg haty tapyldy
Surat: mir24.tv

Ysraýylyň Gadymylyklar edarasynyň arheologlary ýurduň Masada galasynda geçirilen gazuw-agtaryş wagtynda biziň eýýamymyzdan öňki 72-nji ýyl bilen senelenýän töleg wedomostyny tapdylar. Ol rim esgerine degişli diýip, «Arkeonews» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Masada Öli deňziň günorta-günbatar kenarýakasynda ýerleşýär. Ony biziň eýýamymyzdan öňki birinji asyrda patyşa Irod Beýik gurdurandyr diýlip hasaplanýar. 66-74-nji ýyllarda galany Rim agalygyna
garşy söweşen gozgalaňçylar eýeläpdir. Bu gapma-garşylygy taryhçy Iosif Flawiýa öz işlerine beýan edipdir.

Alymlar gazuw-agtaryşlar wagtynda birinji Iudeý-rim urşy döwründe rim esgerleriniň birine berlen pul üpjünçiligi üçin çek tapdylar. Papirusa ýazylan çeke güýçli zeper ýetipdir. Emma alymlara ondaky ýazgylary okamak başartdy. Onda rim goşunlarynyň dolandyrylyşy we esgerleriň derejesi babatda birgiden gymmatly maglumatlar bar eken. Şeýle-de hatda esgeriň nähili aýlyk alýandygy we ondan näçe paç alnandygy beýan edilipdir. Mysal üçin, esgerden ädigi, zygyrdan tikilen tunika köýnegi, hatda atynyň arpa iými üçin tutum alnypdyr. Alymlar bu tutumlaryň aýlyk hakynyň özünden hem köpdügini anykladylar. Emma rim esgerleriniň başga girdeji çeşmesi bolan bolmaly, mysal üçin, olara harby ýörişler wagtynda parahat ilaty talamaga rugsat berlen bolsa gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň