Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkiýede bolup geçen ýertitremede ejir çekenler üçin ynsanperwer kömegi toplandy, Lebap sement zawody 2022-nji ýylda 1 million tonnadan gowrak önüm öndürdi, Türkmenistanda güýçli ýagyş ýagar we beýleki habarlar

11:0215.02.2023
0
51795

1. Türkiýede bolup geçen ýertitremede ejir çekenler üçin Türkmenistandan ynsanperwer kömegi bilen üçünji uçary ibermäge taýýarlyk görülýär. Bu barada Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Togan Oral belläp geçdi. Togan Oral Türkiýede bolup geçen ýertitremede ejir çekenlere kömek etmek üçin Aşgabatdaky Türk wiza merkezinde guralan haýyr-sahawat çäresinde çykyş edip, Türkmenistanyň kömek bermek üçin hereket eden ilkinji ýurtlaryň biridigini nygtady.

2. Lebap sement zawody 2022-nji ýylda S-400 we S-500 belgili sementiň 1,1 million tonnasyny öndürdi. Kärhana gurluşyk üçin zerur bolan önümleriň 55 müň tonna golaýyny daşary ýurtlara eksport etdi. Kärhana 2013-nji ýylda işe girizilipdi.

3. Bu hepdede Türkmenistanyň köp böleginde ýagyşly howanyň bolmagyna garaşylýar. Käýerlerde gar gatyşykly ýagşyň ýagmagy mümkindir. Ýurduň welaýatlarynda ýagşyň anna güni ýagjakdygy çak edilýär, emma olaryň ýagýan wagty deň bolmaz.

4. Türkmen paýtagtynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Döredijilik baýramçylygynyň ahyrky çykyşy iki ýurduň sungat ussatlarynyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda geçirilen bilelikdäki konserti boldy. Eýranyň Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen çäreler Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we türkmen paýtagtynyň myhmanlaryny dostlukly halkyň özboluşly sungat öwüşgünleri, özboluşly däp-dessurlary we medeniýet ulgamyndaky häzirki zaman üstünlikleri bilen tanyşdyrdy.

5. GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew Türkmenistan Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda synçylar toparyna ýolbaşçylyk eder. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriler. Şol gün Türkmenistanda welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, şeýle hem Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlary geçiriler.

Dünýäde

6. Diametri takmynan 800 metr bolan uly asteroid 16-njy fewralda Ýere ýakynlaşar. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Amaly matematika institutynyň hünärmenleri asman jisiminiň 24,6 km/sek tizlik bilen hereket edip, 4,6 mln km aralyga çenli Ýere ýakynlaşjakdygyny bellediler. Alymlar asteroidiň takyk astrometriýasynyň onuň hereketiniň traýektoriýasyny we Ýer üçin döredýän howpunyň derejesini kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigini bellediler.

7. ХХ asyryň başynda «Titanigi» gurmak bilen meşhurlyk gazanan «Harland & Wolff» gämi gurluşyk we abatlaýyş kärhanasy 2003-nji ýylda bes edilen gämi gurluşygyna dolanmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa Ispaniýanyň «Navantia» döwlet kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Britaniýanyň patyşalyk deňiz floty üçin üç sany kömekçi gämini gurmak barada Beýik Britaniýanyň patyşalyk deňiz floty bilen 1,6 milliard funt sterlinglik şertnama baglaşdy. Täze harby gämileriň önümçiligi 2025-nji ýylda başlanar we 2032-nji ýyla çenli tamamlanar.

Sport habarlary

8. 14-nji fewraldan 15-nji fewrala geçilýän gije Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. «Milan» «San-Siroda» Braim Diasyň duşuşygyň başynda geçiren pökgüsi bilen Angliýanyň «Tottenheminden» üstün çykdy. Fransiýanyň «PSŽ» topary öz meýdançasynda Mýunheniň «Bawariýasyndan» ýeňilip, çärýek finala çykmak mümkinçiligini kynlaşdyrdy. Duşuşygyň netijesini ikinji ýarymyň başynda Kingsli Komanyň goly kesgitledi. Bu jübütleriň jogap duşuşyklary 8-nji martdan 9-njy marta geçilýän gijede geçiriler.

Çempionlar ligasynyň 1/8 final duşuşyklary şu gün dowam eder. «Borussiýa» öz meýdançasynda «Çelsini» kabul eder, «Benfika» bolsa «Brýuggede» myhmançylykda bolar. Iki duşuşyga hem «Matç TW» we «Futbol 1» teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkindir.

9. Lebap welaýatyndan 17 ýaşly FIDE ussady Läle Şöhradowa küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy. Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Aşgabatda geçirilen zenanlaryň esasy ligasynda ýeňiş gazanyp, bu üstünlige ýetdi. Ol çempion adyny almak üçin aýlaw ulgamy boýunça 14 küştçi bilen bäsleşdi.

10. Amerikaly milliarder Ilon Mask Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» futbol toparynyň eýesi bolup biler. «Twitter-iň» başlygy mançesterli toparyň satuwy bilen baglanyşykly ýagdaýlara ýakyndan gözegçilik edýär. Esasy iňlis toparlarynyň birini satyn almak üçin dalaşgärleriň hatarynda Saud Arabystanyndan, ABŞ-den, Katardan, Hytaýdan we Singapurdan birnäçe maýadarlaryň bardygy bellenilýär. Ilon Maskyň eýelik edýän serişdeleri 178 mlrd ýewro diýlip hasaplanýar, «Mançester Ýunaýtediň» bahasy bolsa 5 milliard ýewrodan biraz ýokarydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň