Soňky habarlar

Arhiw

ÝÇL 1/8 final: «Bawariýa» myhmançylykda, «Milan» öz öýünde ýeňiş gazandy

09:1715.02.2023
0
26342
ÝÇL 1/8 final: «Bawariýa» myhmançylykda, «Milan» öz öýünde ýeňiş gazandy
Surat: prosports.kz

ÝÇL-iň 1/8 final tapgyryndan orun alan iki jübütde deslapky oýunlar bolup geçdi. Olaryň birinjisinde «PSŽ» öz meýdanynda «Bawariýany» kabul etdi. Oýnuň birinji ýarymynda iki tarap hem seresaplylyk bilen hereket etdiler. Şol sebäpli-de, birinji ýarymda derwezelere gol urulmady. Ikinji ýarymda bolsa has ynamly oýnan «Bawariýa» 53-nji minutda Alfonso Dewisiň pasyndan soňra Kingsli Komanyň uran goly bilen hasaby açdy. 83-nji minutda «PSŽ» Kilian Mbappe dürs urgusy arkaly hasaby deňledi. Emma şol pursatda oýundan daşardaky ýagdaý ýüze çykandygy üçin gol hasaba alynmady. Oýnuň ahyrynda Benjamin Pawar Messä garşy gödek oýnap, ikinji sary kart bilen jezalandyryldy we meýdançadan kowuldy. Şonuň üçin hem, ol jogap oýnunda gatnaşyp bilmez.

Şeýlelikde, duşuşyk 0:1 hasabynda myhman topar «Bawariýanyň» peýdasyna tamamlandy.

Günüň ikinji gapma-garşylygynda «Milan» öz öýünde «Tottenheme» garşy meýdança çykdy. Duşuşygyň 7-nji minutynda Braim Dias tarapyndan urlan ýeke-täk gol «Milana» minimal hasapdaky ýeňşi sowgat etdi.

Bu jübütleriň arasyndaky jogap oýunlary 8-nji martda bolup geçer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň