Göwrümi takmynan 800 metre deň bolan iri asman jisimi Ýere 16-njy fewralda 4,6 million kilometr golaý geler diýip, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň M.W.Keldyş adyndaky amaly matematika instituty habar berdi.
Alymlar asman jisiminiň takyk astrometriýasynyň onuň hereketiniň ugruny we Ýer üçin howplulyk derejesini kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigini bellediler. Bu barada «Interfax.ru» ýazýar.