Lala Şöhradowa küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy

10:4214.02.2023
0
34703

FIDE-niň 17 ýaşly lebaply ussady Lala Şöhradowa küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Dänew etrabynyň 31-nji sport mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy bu üstünligini paýtagtda zenanlaryň Ýokary ligasynda geçirilen ýaryşda gazandy.

Aýlaw usulynda geçirilen ýaryşa ýurduň iň güýçli zenan küştçüleriniň 14-si gatnaşdy. 10,5 utuk toplap bilen Lala Şöhradowa bu gezek 20 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda çempion bolan esasy bäsdeşi ― Aşgabat şäheriniň 55-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Merýem Agajanowadan ýarym utuk öňe geçmegi başardy. Bu tapawut çempionlygyň iki dalaşgäriniň üçünji aýlawdaky duşuşygynda ýüze çykdy.

Lala Şöhradowanyň 5 ýaşyndan bäri küşt oýnap gelýändigini ýatladýarys. Ol eýýäm 9 ýaşynda özi bilen deňeçer mekdep okuwçylarynyň Tailandda geçirilen dünýä çempionatynda Ýer ýüzüniň iň güýçli küştçüsi bolmagy başarypdy. Bary-ýogy 12 ýaşly Lalanyň 2018-nji ýylda Türkmenistanyň ýygyndysynyň hatarynda Gruziýanyň Batumi şäherinde geçirilen Bütindünýä küşt Olimpiadasyna gatnaşmagy hem täsinlik boldy. Gülhan Gurbanberdiýewanyň şägirdi indi bolsa ýurduň Ýokary ligasynyň wekili we Türkmenistanyň çempiony!

Bu çempionlyk Lala 27-nji fewralda başlanjak esasy liga gatnaşmak mümkinçiligini hem berýär. Bu ýaryş ýurduň erkekleriniň we zenanlarynyň arasyndaky iň güýçli 14 küştçini özünde jemlär. Olaryň hatarynda grossmeýsterler we halkara sport ussatlary hem bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň