Soňky habarlar

Arhiw

Rus tebigy gazynyň Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana iberilmegi mümkin

20:4913.02.2023
0
25413

Russiýa Federasiýasy Eýran Yslam Respublikasynyň üsti bilen Türkiýä we Yraga tebigy gazy we nebiti eksport etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Aleksandr Nowakyň sözlerine salgylanyp, «Mehrnews» habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Aleksandr Nowak şenbe güni žurnalistler bilen bolan duşuşygynda rus nebitini we tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen «swop» görnüşinde eksport etmegi «geljegi uly taslama» diýip atlandyryp, häzirki wagtda bu ugurda tehniki mümkinçilikleriň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny mälim etdi. Bar bolan maglumatlara görä, bu hyzmatdaşlygyň esasynda Russiýa Federasiýasynyň 10 milliard kub metr tebigy gazy we 5 million tonna nebiti Eýranyň üsti bilen «swop» görnüşinde eksport etmegi meýilleşdirilýär.

Çeşmede agzalan hyzmatdaşlygyň birinji tapgyrynyň çäklerinde şu ýylyň birinji ýarymynda rus tebigy gazynyň Türkmenistanyň turbageçirijileri arkaly Eýrana iberilip başlanmagynyň mümkindigi bellenilýär.
Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Türkmenistan hem Eýranyň üsti bilen «swop» görnüşinde Azerbaýjana mawy ýangyjyň eksportyny amala aşyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň