Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda tabşyrylmagy bellenilen galla hasylynyň dörtden üç bölegi ýygnaldy

17:0427.06.2015
0
2589

Dowam edýän galla oragynda eýýäm bellenilen hasylyň dörtden üç bölegi ýygnaldy. Her günde watan harmanyna 25 müň tonnadan gowrak galla tabşyrylýar.

Lebap welaýatynyň babadaýhanlary orak döwrüniň başyndan bäri öňdebaryjy orunlarda barýarlar. Bu ýerde tabşyrmagy bellenilen 350 müň tonna galla hasylynyň eýýäm 86 göterimi ýygnaldy. Şu ýyl türkmen daýhanlary 1 million 600 müň tonna galla hasylyny ýygnamagy maksat edinýärler.

Galla oragyna gatnaşýanlar üçin ähli zerur şertler döredilendir. Ýörite dynç alyş meýdançalary, gyzgyn nahar, medeni-dynç alyş çäreleri olaryň hyzmatynda. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň