Türkiýe gaz merkeziniň şu ýylda işe başlap biljekdigini mälim etdi

09:4406.02.2023
0
19373
Türkiýe gaz merkeziniň şu ýylda işe başlap biljekdigini mälim etdi
Surat: m24.ru

Türkiýede tebigy gazy paýlamak we satmak boýunça merkezi döretmek işiniň tamamlanyp barýandygy habar berildi, bu barada ýurduň «Anadolu» habarlar gullugy energetika we tebigy baýlyklary ministri Fatih Dönmeziň sözlerine salgylanyp habar berdi. «Biz ilkinji söwda geleşigini eýýäm şu ýylda amala aşyrmakçy bolýarys» diýip, ministr aýtdy.

Dönmeziň sözlerine görä, tebigy gaz merkezi boýunça ýurtlaryň köp sanlysy bilen gepleşikler geçirildi we olar taslamany goldadylar.

Öň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin öz ýurdundan Türkiýä goşmaça gaz geçiriji şahany döretmek barada başlangyç bilen çykyş etdi. Putin şeýle-de Ýewropa Bileleşigi bilen serhetde gaz merkezini döretmek barada aýtdy. Bu barada «Interfax.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň