Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanly ýarym goragçy Portugaliýada futbol oýnar

20:1703.02.2023
0
20147

Täjigistanly ýarym goragçy Salam Aşurmamadow Portugaliýanyň dördünji diwizionynyň wekili «Dumiense» topary bilen şertnama baglaşdy.

Öz Watanynda «Istiklol», «Istrawşan» toparlarynyň köýnekçesini geýen futbolçynyň transferi barada Täjigistanyň futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berdi.

19 ýaşly futbolçynyň soňky topary Russiýanyň Medialigasynyň «Brouk Boýz» topary bolupdy.

Aşurmamadow 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Russiýanyň ýygyndysy bilen bolan ýoldaşlyk duşuşygy üçin ilkinji gezek milli ýygynda çagyryldy. Ol bu duşuşykda ätiýaçlyk oturgyjynda oturdy.

Aşurmamadowyň täze topary Portugaliýanyň çempionatynyň dördünji diwizionynyň «A» toparçasynda sekizinji orny eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň