Aleksandr Lukaşenko Gurbanguly Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi

10:0301.02.2023
0
32529

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegi bilen gutlady. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen gutlagda şeýle diýilýär:

«Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Size mahsus bolan parasatlylygyň, öňdengörüjiligiň, döwlet işgäriniň baý tejribesiniň geljekde hem Türkmenistanyň ähli ulgamlarda okgunly ösüşine, halkara giňişlikde ýurduňyzyň abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Minsk bilen Aşgabadyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän gününde içeri syýasatda şunuň ýaly möhüm özgertmeleriň bolup geçendigini bellemek gerek. Siziň geljekde hem belarus-türkmen köpugurly hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi ugrunda tagalla etjekdigiňize ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk we täze jogapkärli wezipäňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň