Serdar Azmunyň nemesleriň «Baýeri» bilen hoşlaşmagy mümkin. Italiýaly žurnalist Fabrisio Romano bu barada «Sky Sport» neşirinde ýazdy. Häzirki wagtda «Olimpik Marsel» futbolçyny satyn almak boýunça gepleşikleri geçirýär.
Häzir «Marsel» hüjümi güýçlendirmek üçin iküç futbolçyny göz öňünde tutýar. Şolaryň biri hem Serdar Azmundyr.
Eýranly türkmen «Baýeriň» hataryna geçen ýylyň ýanwarynda Sankt-Peterburgyň «Zenitinden» goşuldy. Nemes toparynda 24 duşuşyga gatnaşan Serdar Azmun olarda bir gezek tapawutlanyp, 3 goluň hem assistini berdi.