Top.Mail.Ru

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Döwlet Dumasynyň Başlygy Wolodini kabul etdi, Russiýa Türkmenistanda geçiriljek parlament saýlawlaryna synçylary iberer, «Turkish Airlines» Türkmenbaşy – Stambul – Türkmenbaşy uçuşlary üçin petekleriň bahasyny arzanlatdy

10:3931.01.2023
0
43029

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen düýn Aşgabada resmi sapar bilen gelen RF-niň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Berdimuhamedow we Wolodin Türkmenistanyň we Russiýanyň parlamentleriniň hyzmatdaşlyk meselerini ara alyp maslahatlaşdylar.

71-nji türkmen mekdebinde okuwlar rus dilinde alnyp barylýan synplar bar. Muny Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin Türkmenistanyň Mejlisinde eden çykyşynda belledi. Onuň bellemegine görä, rus biliminiň Türkmenistanyň raýatlarynyň arasynda meşhurlygy artýar. Häzirki wagtda Russiýada 30 müň töweregi türkmen talyby bilim alýar. Şol bir wagtyň özünde, Wolodin Russiýanyň Türkmenistanda rus diline aýawly çemeleşilýändigine ýokary baha berýändigini aýtdy.

2. Milli Geňeşiň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowa Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň deputatlaryny 2023-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanda geçiriljek parlament saýlawlaryna synçy hökmünde gatnaşmak üçin Aşgabada çagyrdy. Çakylyk iki ýurduň parlamentleriniň başlyklarynyň şu gün Aşgabatda geçirilen ýygnagynda beýan edildi.

3. «Turkish Airlines» Türkmenbaşydan Stambula we yzyna uçuşlar üçin petekleriň bahasyny arzanlatdy. Iki tarapa petegiň bahasy onlaýn satyn alnanda häzir 351 dollara deňdir. Türkmenbaşydan Stambula hepdede iki gezek – sişenbe we penşenbe günleri uçmak mümkin bolar. Aşgabatdan Stambula uçuşlaryň petekleriniň bahalary bir tarapa – 367 dollardan we iki tarapa – 655 dollardan başlanýar. Uçuşlar hepdede dört gezek – sişenbe, penşenbe, şenbe we ýekşenbe günlerinde amala aşyrylýar. «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň uçuşlary üçin awiapetekleri www.turkishairlines.com saýtyndan, «iOS» we «Android» üçin niýetlenen ykjam programmasyndan onlaýn satyn almak mümkindir.

4. Türkmenistandyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň artistleri Monte-Karloda geçiriljek Halkara sirk festiwalyna gatnaşarlar. Türkmenistan bilen Monte-Karlo festiwalynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri «Galkynyş» toparynyň başlygy Pygy Baýramdurdyýewiň, Türkmen döwlet sirkiniň müdiri Serdar Gurbangulyýewiň we Monte-Karlo festiwalynyň prezidenti Urs Pilsiň arasyndaky duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda Urs Pils türkmen sungat işgärlerini 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek 47-nji Monte-Karlo Halkara sirk festiwalyna gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle hem Urs Pils Monte-Karlo festiwalynda özboluşly ahalteke atlaryny görkezmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy.

5. Bu hepdede Türkmenistanda howa maýyl bolar, hatda käbir ýerlerde +20 gradusa çenli ýeter. Bu ýyly howa akymynyň Günbatar Aziýa sebitinden çykyp, Günorta Hazaryň akwatoriýasyna aralaşmagy bilen baglanyşyklydyr. Çarşenbe güni Türkmenistanyň çäginde uly bolmadyk ýagynyň ýagmagyna garaşylýar.

6. Türkmenistanda geçen asyryň 60-njy ýyllarynda gadymy Merwden tapylan V asyr heýkeltaraşlygyna degişli bolan Buddanyň kellesini dikeltmäge gönükdirilen taslamanyň birinji tapgyry tamamlandy. Taslama Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi we Pol Getti muzeýi bilen bilelikde durmuşa geçirilýär. Birinji tapgyr Buddanyň kellesiniň deslapky gözden geçirilişini, surat resminamalaryny we fotogrammetriýasyny öz içine alýar. Kelläniň sany 12 palçyk bölegi ýazga alyndy, has giňişleýin öwrenmek üçin 10 sany uly bolmadyk ýüz nusgasy alyndy. Bu ädimler tapyndynyň saklanyp galan ýagdaýyna düşünmäge we durkuny täzelemek üçin 3D elementleri hem-de şekilleri ulanmaga mümkinçilik berer.

Dünýäde

7. Gazagystanda täzelenen migrasiýa düzgünleri güýje girdi. Girizilen üýtgeşmelere laýyklykda, Gazagystana wizasyz gelen daşary ýurtlular ýurtda 30 gün galyp bilerler. Alty aýyň dowamynda ýurtda bolmagyň möhleti jemi 90 günden geçmeli däldir. Bu düzgün Gazagystanda bolan döwründe wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnamany resmileşdirenlere ýa-da wiza alanlara degişli däldir. Düzgünleriň öňki neşirinde bu mesele kanunlaşdyrylmandy we daşary ýurtlular möhleti gutarandan soň Gazagystany terk edip, täzeden girip bilýärdiler we şeýlelik bilen, ýurtda bolmagyň möhletini täzeleýärdiler.

8. Awstraliýada içinde radioaktiw madda – seziý bolan ýiten kapsulany gözleýärler. Kapsula Awstraliýa çölünden ýük ulagy bilen daşalanda ýitirildi. Göwrüminiň kiçidigine garamazdan, kapsulanyň içindäki madda çynlakaý howp döredýär. Ondaky seziý-137 radiasiýa ýanygyny döretmäge ukyplydyr, uzak wagtlap galtaşykda bolanda bolsa şöhle keseline we onkologiýa sebäp bolup bilýär.

Sport habarlary

9. Bolgariýanyň milli ýygyndysynyň we Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň öňki futbolçysy Hristo Stoiçkow terjimehalynda Aziýanyň 1997/98 möwsüminiň kubok eýeleriniň Kubogynyň ýarym finalynda derwezesine penalti urup bilmedik türkmen topary «Köpetdagyň» öňki derwezebany Ýewgeniý Naboýçenko bilen söhbetdeşligi barada gürrüň berdi. Aşgabadyň «Köpetdagy» bilen ýarym finaldan öň Saud Arabystanynyň şazadasy ýeňiş gazanylan ýagdaýynda «Al-Nasryň» ilkinji golunyň awtoryna iň soňky nusgaly «Mersedes-Benz» awtoulagyny sowgat berjekdigini wada beripdi.

– Bütin ömrümde diňe birnäçe penaltini salmandym, olaryň biri hem meni «Mersedesden» mahrum etdi. Men gynandym, ýöne şonda-da ýeňiş gazanyp, finala çykdyk. 20 ýyldan soň, Astanadaky weteranlar duşuşygynda garşydaşlardan bir oýunçy meniň ýanyma gelip, özüni Ýewgeniý Naboýçenko diýip tanatdy. Ol rus dilinde: «Men siziň öňüňizde günäkär, ýöne surata düşüp bilerismi?» diýdi. Görüp otursak, bu meni Er-Riýadda täze awtoulagdan mahrum eden şol oglan eken. Biz gujaklaşdyk we gülüşdik. Ýewgeniý 1994-nji ýylyň dünýä çempionatynda iň köp pökgi geçiren oýunçynyň penalti urgusyny saklamak karýerasynda oňa kömek edendigini sözüniň üstüne goşdy» – diýip, Stoiçkow gürrüň berdi.

10. Özbegistanyň milli ýygyndysynyň we «Romanyň» hüjümçisi Eldor Şomurodow 2022/23 möwsüminiň ahyryna çenli «Spesiýa» toparyna kärende hukugy bilen geçdi. 27 ýaşly özbek futbolçysy täze toparyň düzüminde 14-lik belgi bilen oýnar. «Spesiýa» Eldor Şomurodowyň karýerasyndaky üçünji italýan toparydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň