Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýe fewralda gaz merkezi boýunça sammit geçirmekçi

09:1631.01.2023
0
21073
Türkiýe fewralda gaz merkezi boýunça sammit geçirmekçi
Surat: ritmeurasia.org

Ýakyn Gündogardan, Ortaýer deňzinden hem-de Merkezi Aziýadan bolan «mawy ýangyç» öndüriji ýurtlaryň, şeýle-de Ýewropanyň sarp ediji döwletleriniň gatnaşmagynda Türkiýe öňdäki fewral aýynyň 14-15-i aralygynda gaz sammitini (Istanbul Gas Summit) geçirmekçi. Sammit Stambul şäherinde geçer diýip, «Anadolu» habarlar gullugy ýurduň energetika we tebigy baýlyklar ministri Fatih Dönmeziň sözlerine salgylanyp habar berdi.

Dönmeziň sözlerine görä, häzir Ankara Demirgazyk Makedoniýa, Rumyniýa we Moldawiýa gaz eltmek babatda Bolgariýa bilen gepleşikleri geçirýär.

Ministr şeýle-de häzirki wagtda «Botas» döwlet kompaniýasynyň başlygynyň Omanda sapardadygyny habar berdi hem-de Omandan her ýyl 1,4 milliard kubmetr gaz satyn almak babatda on ýyllyk geleşige gol çekmäge taýýarlanylýandygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň