Soňky habarlar

Arhiw

Wolodin: — Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek Russiýanyň ileri tutýan ugurlaryndan biri

14:0030.01.2023
0
43173

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar strategiki häsiýete eýe we deňlik ýörelgelerine esaslanýar. Muny Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.

Wýaçeslaw Wolodin: «Türkmen nakylynda: «Donuň täzesi ýagşy, dostuň könesi» diýilýär. Biz bilelikde köp synaglardan geçirdik. Häzirki wagtda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar deňlik, hoşniýetli goňşuçylyk we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiki häsiýete eýe» diýdi.

Şeýle hem Wýaçeslaw Wolodin Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Russiýanyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridigini aýtdy.

Wolodiniň 29-njy ýanwarda Aşgabat şäherine gelen Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň