Top.Mail.Ru

Türkmenistandaky 70-den gowrak mekdepde rus dili synplary bar

13:4630.01.2023
0
65394

Türkmenistandaky mekdepleriň 71-sinde rus diline ýöriteleşdirilen synplar hereket edýär. TASS-nyň habaryna görä, bu barada şu gün Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin Türkmenistanyň Mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.

Wolodiniň pikiriçe, Türkmenistanyň raýatlarynyň arasynda rus diliniň meşhurlygy artýar. Häzirki wagtda Russiýada 30 müň töweregi türkmen talyby okaýar. Şol bir wagtyň özünde, Wolodin Russiýanyň Türkmenistanda rus diline bolan jogarkärçilikli garaýşyna ýokary baha berýändigini aýtdy.

«Häzir türkmen mekdepleriniň 71-sinde rus diline ýöriteleşdirilen synplar bar. A.S.Puşkin adyndakt türkmen-rus mekdebi bolsa medeni we gumanitar ugurda üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Biz geljekde bilelikdäki uniwersiteti döretmegiň üstünde hem iş alyp barýarys» diýip, Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygy türkmen parlamentinde aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň