Soňky habarlar

Arhiw

«Migrasiýa» woleýbol boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy

15:0328.01.2023
0
33026

Aşgabadyň «Migrasiýa» topary erkekleriň arasynda geçirilen woleýbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 2022/2023-nji ýyllarynyň çempiony boldy. Topar bu üstünligi baş tälimçi Hakberdi Söýünowyň ýolbaşçylygynda gazandy.

Iki aýlawdan ybarat bolan möwsüm geçen ýylyň oktýabr aýynda başlanyp, şu ýylyň ýanwar aýynda tamamlandy. Onda ikinji orny Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň «Nebitçi», üçünji orny bolsa Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» topary eýeledi.

Milli çempionata Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan», Döwlet serhet gullugynyň «Serhetçi», Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Galkynyş» we Döwlet maliýe institutynyň «Maliýeçi» woleýbol toparlary hem gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Woleýbol federasiýasy ýakyn günlerde erkekler toparlarynyň arasynda Federasiýanyň kubogy, zenanlaryň arasynda ýurduň çempionlygy we ähli toparlaryň arasynda Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşlary hem geçirmegi meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň