Dünýädäki oba hojalyk önümleriniň meýletin şahadatnamasynyň talaplaryny kesgitleýän garaşsyz gurama bolan GLOBAL G.A.P. Türkmenistana guramanyň şahadatnamasyny almaga hem-de türkmen önümleriniň dünýä bazaryndaky bäsdeşlik ukybyny artdyrmaga ýardam edýär.
Bu barada Trend, GLOBAL G.A.P.-nyň Merkezi Aziýada we Latwiýada esasy müşderiler bilen iş salyşýan tehniki dolandyryjysy Editu Strazdina salgylanyp habar berdi.
«Biz Türkmenistanyň önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin Global G.A.P.-nyň şahadatnamasyny almak isleýändigine we bu taslamanyň hakykatdanam gaty gowy netije görkezýändigine begenýäris. Ilkinji okuwlar we maglumat çäreleri gaty gowy geçdi, sertifikatlaşdyryş işleri ýokary depginde alnyp barylýar» – diýip, guramanyň wekili belledi.
Strazdina alnyp barylýan işiň netijeleri barada durup geçip, türkmen geňeşçileri üçin jemgyýetçilik töwekgelçiligini bahalandyrmak boýunça okuw sapaklarynyň geçirilendigini hem nygtady.
Global G.A.P.-nyň şahadatnamalaýyş işi iýmitden ýa-da tohumdan başlap, oba hojalygy kärhanalarynyň öndürýän önümlerine çenli önümçiligiň ähli tapgyrlaryny öz içine alýar.