«Матч ТВ» 2022-nji ýylda Russiýa Federasiýasynda habarlaryna iň kän salgylanan habar çeşmesi boldy. Bu barada «Medialogiýa» habar berýär.
Geçen ýyl metbugatdaky habarlaryň 23 müň 772-sinde ýaýlymyň habarlaryna salgylanyldy. Ikinji orny 21 müň 508 salgylanma bilen «Sport-Ekspress», üçünjiligi bolsa 19 müň 88 salgylanma bilen «Çempionat» neşirleri eýeleýär.
«Матч ТВ»-niň birinji orna göterilmeginde, ýaýlymyň futbol boýunça dünýä çempionynyň, we Olimpiýa oýunlarynyň ýaryşlaryny göni ýaýlymda alyp görkezmegi bilen baglydyr.