Top.Mail.Ru

Britaniýada «mumiýa» sözüni gadagan etmekçi bolýarlar

14:1523.01.2023
0
51804
Britaniýada «mumiýa» sözüni gadagan etmekçi bolýarlar
Surat: mir24.tv

Beýik Britaniýanyň muzeýinde müsürlileri kemsidýär diýip, «mumiýa» sözüni gadagan etmekçi bolýarlar. Bu barada «Daily Mail» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

«Mumiýa» sözi (balzamirlenendigi üçin çüýremän saklanan jeset) eýýäm muzeýiň gadymy müsürlileriň galyndylary barada gürrüň berýän işgärleriniň dilinden aýryldy. Britanlar bu adalga özleriniň kolonial geçmişlerinden yşarat edýär diýip hasaplaýarlar.

Indi bu söze derek «mumiýalanan adam» ýa-da «mumiýalanan galyndylar» diýen sözleri ulanmak teklip edilýär. Britan muzeýiniň bu başlangyjyny Şoltandiýanyň Edinburgdaky muzeýi hem-de Nýukasldaky Beýik Demirgazyk muzeýi goldaýar.

Muzeýiň wekilleriniň pikiriçe, «mumiýa» sözi köplenç elhençlikler filmlerindäki gorkunç mahluklary ýatladýar. Emma bu söz aslynda kolonial gelip çykyşly bolup, arap dilindäki «mummiýa» sözünden dörändir we ol balzamlamak üçin jisim bolan «bitum» sözüni aňladýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň