Russiýa, eger şeýle teklip hyzmatdaşlardan gelse, Türkmenistan ― Owganystan ― Pakistan ― Hindistan (TAPI) gaz geçiriji taslamasyna gatnaşmaga taýýar.
TASSyň ýazmagyna görä, bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili, Daşary işler ministrliginiň Aziýa boýunça ikinji bölüminiň müdiri Zamir Kabulow «Rossiýa-24» teleýaýlymynyň efirinde aýtdy:
«Russiýa, bu taslamanyň hyzmatdaşlary şeýle teklip hödürlän şertlerinde oňa gatnaşar».
Şeýle hem Kabulow, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň ençeme ýyl ozal şeýle etaba goşant goşmaga taýýardygyny aýtdy.