Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa Türkmenistanda wagon abatlaýyş işlerini ösdürmäge ýardam bermek üçin taýýar

15:2520.01.2023
0
34750

Türkmenistanyň iň gadymy wagon abatlaýyş zawody bolan Gyzylarbat şäheriniň demir ýol wagonlaryny abatlaýjy zawody döwrebaplaşdyrylar. Öz taryhyny 1881-nji ýyldan alyp gaýdýan bu zawod Türkmenistanyň taryhynda demir ýol tehnikalaryny abatlamaga ýöriteleşen ilkinji lokomotiw deposy hasaplanýar.

Gyzylarbadyň lokomotiw deposy Türkmenistanyň taryhynda demir ýol hojalygyna degişli ilkinji kärhanadyr. Baryp-ha, XIX asyryň ahyrynda ruslar tarapyndan döredilen lokomotiw deposy indi türkmen we rus demir ýol hünärmenleriniň gatnaşmagynda täzeden döwrebaplaşdyrylar. Zawody döwrebaplaşdyrmak işine Russiýanyň «RŽD Interneşnl» kompaniýasy gatnaşar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň «RŽD Interneşnl» kompaniýasynyň baş direktory Sergeý Stolýarow Aşgabat şäherinde 19-20-nji ýanwarda geçirilen Türkmen-rus işewürlik forumynyň dowamynda mälim etdi.

Gyzylarbat etrabynyň wagon abatlaýyş zawodynyň döwrebaplaşdyrylmagy diňe bir Türkmenistanyň demir ýol düzümlerinde ulanylýan ýük wagonlarynyň abatlanmagyny we zerur bolan degişli tehniki işleriň geçirilmegini üpjün etmän, eýsem ýakyn goňşy döwletleriň ýük wagonlaryna hyzmat etmäge-de ýardam eder. Häzirki wagtda bu zawody döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamanyň üstünde türkmen we rus hünärmenleri bilelikdäki işleri alyp barýarlar.

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda ähli ugurlar bilen birlikde ulag-kommunikasiýa toplumyndaky hyzmatdaşlyk hem netijeli ösdürilýär. Geçen ýylyň deslapky jemleri boýunça Russiýadan Türkmenistanyň çäkleriniň üstünden sebitiň beýleki ýurtlaryna geçirilen ýük gatnawlary 4 esse artdy. Aşgabatda geçirilen Türkmen-rus işewürlik forumynyň barşynda iki döwletiň arasynda baglaşylan özara ylalaşyklar we öňe sürlen hyzmatdaşlyk başlangyçlary iki döwletiň dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk hem bekitmäge goşandyny goşar.

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň demir ýol pudagyndaky hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, hususan-da, demir ýol düzümini sanlylaşdyrmak, maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak işine aýratyn üns berilýär. Geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistana Russiýa Federasiýasynyň Brýansk maşyngurluşyk zawodynda öndürilen ýük teplowozlarynyň 5-si getirilip, ýurdumyzyň lokomotiw parkyna goşuldy. Geçen ýylyň dekabr aýynyň başynda iki döwletiň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «Türkmendemirýollary» agentligi we «Rus demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda 2023 — 2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygy ösdürmek Maksatnamasyna gol çekildi. Demir ýol ulgamynda 3 ýyllyk özara hyzmatdaşlyk Maksatnamasy ýük daşamak we logistika hyzmatlarynyň ösdürilmegini, «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesi arkaly yzygiderli konteýner gatnawlaryny ýola goýmagy, Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda oba hojalyk, çig mal we senagat ýükleriniň iň gysga wagtda daşalmagyny üpjün etmegi maksat edinýär.

Şeýle hem Maksatnamada göz öňünde tutulan döwürde iki ýurduň demir ýol edaralary demir ýol düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, sanlylaşdyrmak, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak işinde hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýärler. Hyzmatdaşlyk Maksatnamasy Russiýada «Türkmendemirýollary» agentliginiň şahamçasyny, Türkmenistanda «Rus demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň şahamçasyny açmak mümkinçiliklerini göz öňünde tutýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň