Türkmenistanly tennisçiler Aziýa çempionatynyň (U-14) iki saýlama ýaryşynyň netijeleri boýunça bürünç medala eýe boldular

20:3619.01.2023
0
20250

Türkmen tennisçileri Isa Taunda (Bahreýn) tamamlanan Merkezi we Günbatar Aziýa sebitiniň 14 ýaşa çenli oýunçylaryň arasyndaky Aziýa çempionatynyň – «ITF Asia 14&U Development Championships» saýlama ýaryşynda toparlaýyn hasapda 3-nji orny eýeläp, kubok we bürünç medallar bilen sylaglandy.

8 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda geçen ýaryşlaryň ýeňijileri we baýrakçylary iki saýlama tapgyrda gazanylan utuklaryň jemi boýunça kesgitlendi.

Birinji saýlama ýaryşyna Türkmenistandan gatnaşýan Ilima Guseýnowa, şeýle hem Imran Ahundow we Selim Çagylow ikinji orny eýelediler. I. Guseýnowa bu üstünligi ýekebara ýaryşda, I.Ahundow we S.Çagylow bolsa jübütlik ýaryşynda gazandy.

Ikinji saýlama ýaryşyny türkmenistanly tennisçi gyzlar gyrgyzystanly türgenlerden üstün çykmak bilen başlady: çärýek finalda Ilima Guseýnowa Ýewa Gawşinany 6:2, 6:2, Natalýa Martynowa bolsa Kamila Aripowany 6:1, 6:3 hasabynda utdular. Ýöne özbegistanly garşydaşlar bilen ýarym final oýunlarynda şowlulyk gyzlarymyzdan ýüz öwürdi: Ilima Keira Kimden 5:7, 2:6, Natalýa bolsa Emili Kimden 1:6, 1:6 hasabynda utuldylar.

Şeýlelik bilen, gyzlaryň arasynda ýekelikde 3-nji ornuň ykbaly türkmen tennisçileriniň özara bäsleşiginde çözüldi, şonda ýurdumyzyň iň ezber tennisçisi Ilima Guseýnowa, garaşylyşy ýaly, Natalýa Martynowadan üstün çykdy – 6:1, 7:5.

Geçen ýyl Aşgabat şäherindäki 42-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Ilima Guseýnowa üçin gaty üstünlikli boldy. Oktýabr aýynda bu zehinli tennisçi 12 we 14 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen birinjilik ugrundaky milli ýaryşda ýeňiji boldy, noýabr aýynda, ýaşlygyna garamazdan milli rekord goýmak bilen, ilkinji gezek zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň çempiony boldy, dekabr aýynda bolsa finalda Aşgabat şäherindäki 19-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Rožan Garajaýewadan 6:1, 5:7, 6:1 hasabynda üstün çykmak bilen, ilkinji gezek Türkmenistanyň kubogyny aldy.

Aziýa çempionatynyň (U-14) saýlama tapgyrlarynyň ýeňijileri Ilima Guseýnowanyň we Imran Ahundowyň «Aşgabat» tennis akademiýasynyň okuwçylarydygyny, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Miraly Gasanowyň ýolbaşçylygynda sport endiklerini ösdürýändiklerini ýatladýarys. Selim Çagylow Aşgabat şäherindäki 10-njy sport mekdebiniň tälimçisi Jennet Hallyýewadan tälim alýar. Saýlama ýaryşlara Türkmenistandan gatnaşan dördünji tennisçi Natalýa Martynowa paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň tennis toplumynyň tälimçisiniň elinde meşgullanýar.

Toparlaýyn ýaryşda Özbegistanyň tennisçileri birinji orna mynasyp boldular. Ikinji orny gyrgyzystanly türgenler eýeledi.

Aziýa çempionatynyň soňky bölüminde Türkmenistanyň adyndan çykyş etmek hukugyny alan oýunçylar geçirilen iki ýaryşda-da şahsy çykyşlaryň netijelerini jemlänlerinden soň belli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň