Soňky habarlar

Arhiw

Gruziýada bulaşyk howanyň netijelerini aradan aýyrýarlar

14:3816.01.2023
0
57254
Gruziýada bulaşyk howanyň netijelerini aradan aýyrýarlar
Surat: m24.ru

Gruziýada uzaga çeken bulaşyk howanyň ýetiren zyýanyny aradan aýyrýarlar diýip, «Habar 24» ýazýar.

Bütin hepdeläp ýurduň gündogarynda güýçli gar ýagmagy netijesinde ýollarda kynçylyklar döredi. Indi uly ýollary gije-gündizläp arassalaýarlar. Emma garyň köp ýagmagy sebäpli ýörite tehnikalar ýetişmeýärler, şol sebäpli halkara ýollaryň käbir böleklerinde hereketi çäklendirmeli boldy.

Ýurduň demirgazygynda bolsa, güýçli şemal kynçylyklary döretdi. Lançhuti obasynda bir adamyň ulagynyň üstüne agaç ýykylyp, heläk boldy. Sebitde ýaşaýyş öýleriniň 120-sine, dört mekdebe we üç çagalar bagyna zeper ýetdi.

Elektrik geçirijileriň diregleri ýykyldy. Ilatly ýerleriň birnäçesinde gaz we suw üpjünçiligi kesildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň