Soňky habarlar

Arhiw

Ilçi Sapar Palwanow täze wezipä bellenildi

23:0014.01.2023
0
35950

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permanlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Begžanowiç Palwanow şol bir wagtda Türkmenistanyň Niderlandlar Patyşalygyndaky hem-de Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň iýul aýynda gol çeken Permanyna laýyklykda, Sapar Palwanow Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi, şeýle-de oňa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik dereje berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň