Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň parlament saýlawlarynyň senesi mälim edildi, «Huawei» Aşgabatda telefon torlaryny giňeldýär, 2023-nji ýylda Türkmenistanda birnäçe halkara talyp olimpiadalary geçiriler we beýleki habarlar

10:5914.01.2023
0
51404

1. Türkmenistanda Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlary 2023-nji ýylyň 26-njy martyna bellenildi. Degişli Karary parlamentiň kanun çykaryjy palatasy kabul etdi. Şol gün welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji agzalarynyň, şeýle hem Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlary geçiriler.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi welaýatlarda we Aşgabat şäherinde fiksirlenen telefon toruny giňeltmek bilen baglanyşykly enjamlary, programma üpjünçiliklerini we ygtyýarnamalary satyn almak, getirmek, gurnamak, işe girizmek we tehniki goldawy bermek barada Hytaýyň «Huawei» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.

3. Türkmenistanda şu ýylyň aprel-maý aýlarynda ýurduň ýokary okuw edaralarynda geçiriljek halkara olimpiadalaryna taýýarlyk görülýär. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda III Açyk halkara matematika olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda makroykdysadyýet boýunça açyk halkara internet-olimpiadasy we dünýä ykdysadyýeti boýunça internet-olimpiadasy göz öňünde tutulýar.

4. Rejep Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda saparda bolýarlar. Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti gowaçanyň ýazlyk we inçe süýümli tohumlaryny geljekde Türkmenistanyň howa şertlerinde ösdürmek maksady bilen Özbegistanda olaryň ösdürip ýetişdirilişiniň aýratynlyklaryny öwrenýärler.

5. Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň ekologlar topary gyşlaýan guşlaryň ýagdaýyny gözden geçirmek we howdana ýanaşyk ýerleriň ekologik ýagdaýyna baha bermek üçin Köpetdag suw howdanynda boldular. Barlagçylaryň toparyna Tebigaty goramak jemgyýetiniň wekilleri hem goşuldylar. Köpetdag suw howdany möhüm hojalyk ähmiýetine eýedir – onuň suwy bilen 200 müň gektar oba hojalyk meýdanlary suwarylýar. Bu ýerde guşlar uly bolmadyk sürüler bolup ýaşaýarlar, iň uly süri, takmynan, 200 guşy özünde jemleýär.

6. Gruziýanyň we Ermenistanyň premýer-ministrleri Irakliý Garibaşwili we Nikol Paşinýan iki ýurduň raýatlaryna şahsyýetlerini tassyklaýan biometriki şahadatnamalary esasynda özara syýahat etmäge rugsat berýän ylalaşyga gol çekdiler.

7. RF-niň Döwlet Dumasy fewral aýyndan 14 ýaşdan başlap ýetginjekler üçin işe ýerleşmek çärelerini ýeňilleşdirmegi meýilleşdirýär. Täze kanunçylyk namasy kabul edilen ýagdaýynda, ýetginjekler işe ýerleşdirilende we zähmet şertnamasy baglaşylanda hossarlyk we howandarlyk guramalarynyň razylygy talap edilmez, diňe ene-atalarynyň biriniň razylygy ýeterlik bolar.

8. Türkmenistanyň ýygyndysy yslam döwletleriniň we Tatarstan Respublikasynyň toparlarynyň arasynda ilkinji hokkeý ýaryşyna gatnaşmak üçin Kazana geldi. Hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Tatarstan, Gyrgyzystan we Gazagystan bilen bir toparçada oýnar. Açylyş duşuşygy 14-nji ýanwarda Sport köşgünde geçirildi.

9. Futbol boýunça 17 ýaşa çenli we 20 ýaşa çenli Türkmenistanyň zenanlar ýygyndylary Kamil Mingazowyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda ýygnanyşyk geçirerler. Türkmenistanyň zenanlar ýygyndylarynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary Aziýanyň Kubogynyň saýlama duşuşyklaryna taýýarlygyň çäklerinde geçirilýär. Gözden geçirilişe paýtagtdan we ähli welaýatlardan 40-a golaý zenan futbolçylar çagyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň