Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Özbegistan bilen ýeralma tohumçylygy boýunça hyzmatdaşlyk eder

14:2313.01.2023
0
46005
 Türkmenistan Özbegistan bilen ýeralma tohumçylygy boýunça hyzmatdaşlyk eder
Surat: uzdaily.uz

Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen oba hojalygy pudagyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär. Şunuň bilen baglylykda, Rejep Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Özbegistana sapar bilen bardy diýip, özbek elektron neşirleri habar berdi.

Bellenilişi ýaly, wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri girýärler. 2023-nji ýylyň 7 — 14-nji ýanwary aralygynda meýilleşdirilen bir hepdelik saparyň dowamynda olar Türkmenistanda mundan beýläk ösdürip ýetişdirmek üçin pagtanyň irki we inçe süýümli görnüşlerini öwrenerler.

Mundan başga-da, saparyň meýilnamasynda özbek hünärmenleri bilen bagçylyk boýunça tejribe alyşmak hem-de ýeralma tohumçylygy babatda hyzmatdaşlyga başlamak göz öňünde tutuldy diýip, çeşme habar berýär.

Saparyň çäklerinde özbek hünärmenleri türkmen wekiliýetini ýurtda tohum önümçiligi pudagynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdylar, şeýle hem Buhara sebitinde ösdürilip ýetişdirilýän ýokary hasylly, ir ýetişýän, ýokary süýümli pagta görnüşleriniň mümkinçilikleri barada gürrüň berdiler.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti Italiýadan getirilen häzirki zaman tehnologiýalara esaslanýan süýdi gaýtadan işleýän zawoda baryp gördüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň